Gurluşyk inženerçiligi hyzmatlary
Tehniki dolandyryş, hil gözegçiligi we netijelilik.
Arkaç ýol HK gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişini kämilleşdirmek we howpsuzlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen inženerçilik maslahat beriş we tehniki ýolbaşçylyk hyzmatlaryny hödürleýär.
Biz meýdan barlaglaryny, ýer gurluşygynyň geotehniki analizini, gurluşyk usullarynyň seljerilmesini we tehniki resminamalaryň gözden geçirilmesini geçirýäris. Şeýle hem usulyýet görkezmeleri, töwekgelçilikleriň bahalandyrylyşy, gurluşyk tertibi we meýilnamalaşdyrma boýunça çözgütleri taýýarlayarys.
Müşderilerimiz üçin biz taslamanyň ähli tapgyrlarynda çykdajylaryň we möhletleriň dolandyrylyşyny üpjün edýäris. Şeýlelikde, taslamanyň wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi kepillendirilýär.
Arkaç ýol HK-nyň inženerçilik hyzmatlary — tehniki kämilligi, takyklygy we işiň doly gözegçiligini birleşdirýän çözgütdir. Biz her taslamanyň üstünlikli tamamlanmagyna inženerçilik esasda ýol açýarys.
- Gurluşyk we binagärlik işleri
- Metal konstruksiýalar we gurluşyk çarçuwalary
- Inženerçilik we taslama hyzmatlary
- Gurluşyk tehnikalarynyň kärendesi
- Nebit-gaz pudagy üçin himiki serişdeleriň üpjünçiligi
- Logistika we üpjünçilik hyzmatlary
- Senagat we himiýa metal desgalarynyň gurluşygy
- Gurluşyk inženerçiligi hyzmatlary